- deňli-derejeli
- 1) Bezelip, bejerilip edilen, oňat ýasalan, gowy, rejeli.∙ Bu jaýyň asly bişen kerpiçden salnan deňli-derejeli täze jaý däldi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Ýogsa Sähediň pyçagy, başga bir näçeleriňki ýaly, tylla gynly, almaz tygly, deňli-derejeli pyçak hem däldi, ak süňk saply, jöwher-polat tygly ýönekeý pukara pyçagydy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)2) Il içinde at-abraýly, salykatly, barjamly, oňat (maşgala, hojalyk, adam we ş. m. barada).
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.